Ýewropa Bileleşigi bosgunlary kabul etmeýän ýurtlara garşy derňew geçirer

ÝB Komissiýasynyň Migrasiýa, Içeri işler we raýatlykdan jogapkär agzasy Dimitris Awramopulos 160 müň bosgunyň kabul edilmegi bilen bagly mehanizmany ýerine ýetirmeýän agza ýurtlara garşy derňew işiniň başladyljakdygyny mälim etdi

733820
Ýewropa Bileleşigi bosgunlary kabul etmeýän ýurtlara garşy derňew geçirer

Awramopulos Ýewropa Parlamendiniň Fransiýanyň paýtagty Strasburg şäherinde geçirilen oturlyşygynda ÝB-ne agza ýurtlaryň 160 müň bosguny kabul etmeginiň hukuk we ahlak taýdan borçlarydygny belledi.

ÝB agza ýurtlaryň Içeri işler minsitrleriniň sesleriniň köplügi bilen kabul edilen mehanizmiň raýdaşlyga esaslanýandygyny aýdan Awramopulos: “Ady agzalan ulgam diňe Italiýa we Gresiýa üçin gowy däl, eýsem ÝB-ne agza ýurtlaryň ählisi üçin gowy bir ulgam. Şol ulgam bilen häzirki wagta çenli 18 müň bosgun kabul edildi, emma bu dereje maksadymyzdan gaty uzak” diýdi.

Komissiýanyň öýländen soňky bölüminde şu günki güne çenli ýekeje hem bosgun kabul etmedik Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bolan Wengriýa, Polşa we Awstriýa ýaly ýurtlaryň atlary agzaldy.



Degişli Habarlar