Tramp Şa Abdullah bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Iýordan Şasy Abdullah 2-nji bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

733790
Tramp Şa Abdullah bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Tramp bilen Şa Abdullah telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky krizisiň ortadan aýrylmagy meselesi hakynda pikir alyşdy.

Mesele hakynda Ak Tamdan berlen ýazmaça beýanatda Tramp bilen Şa Abdullahyň ABŞ bilen İýordaniýanyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini nygtandygy bellenildi.

Beýanatda “Iki lider Siriýa krizisiniň ortadan aýrylmagy we çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşdy. Prezident Trampyň Ýakyn Gündogar ýurtlaryna gurajak sapary üçin görülýän taýarlyklar seljerildi. Prezident Tramp ABŞ-nyň Iýordaniýanyň durnuklylygyna, howpsyzlygyna we asudalygyna uly ähmiýet berýändigini nygtady we Şa Abdullaha DAIŞ-e garşy göreşe goşýan goşandygy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi” diýildi.

 



Degişli Habarlar