“Siriýadaky ýada Yrakdaky ýaragly çaknyşyklara girmeris”

Stoltenger Berlinde Federal Kansler Angela Merkel bilen duşuşdy

730538
“Siriýadaky ýada Yrakdaky ýaragly çaknyşyklara girmeris”

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg NATO-nyň Siriýada we Yrakdaky ýaragly çaknyşyklara girmejekdigini aýtdy.

Stoltenger Germaniýanyň paýtagty Berlinde Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen duşuşdy.

Merkel bilen Stoltenger 25-nji maýda Brýusselde geçiriljek NATO-nyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahaty üçin görülýän taýarlyklar hakynda pikir alyşdy.

Stoltenberg duşuşykdan soň metbugata beren beýanatynda NATO agza ýurtlaryň goranyş bujetlerini azaltmazlyklaryna we 2014-nji ýylda beren sözlerinde durmaklaryna garaşýandygyny nygtady.

Stoltenberg Brýusseldäki maslahatda halkara terrora garşy göreşde NATO-nyň esasy rol oýnamagy meselesini ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny ýatlatdy.

“Siriýadaky ýada Yrakdaky ýaragly çaknyşyklara girmeris”diýen Stoltenberg AWAKS kysymly öňünden duýduryş berýän uçarlar bilen goldaw berýändiklerini, gurama agza ýurtlaryň operasiýalara berjek goldawlary hakynda pikir alyşjakdyklaryny emma giň gerimli operasiýalara garşydygyny ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar