"Tramp Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda parahatçylygyň üpjün edilendigini görmek isleýär"

Abbas Ak Tamda Prezident Donald Tramp bilen duşuşdy

725474
"Tramp Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda parahatçylygyň üpjün edilendigini görmek isleýär"

 

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas ABŞ-na guraýan saparynyň çäginde Ak Tamda Prezident Donald Tramp bilen duşuşdy.

Tamp bilen Abbas özara duşyşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda parahatçylygyň üpjün edilendigini görmek isleýändigini aýdan Tramp, Ýakyn Gündogaryň parahatçylygy üçin tagalla edýändiklerini emma parahatçylyk etabynyň iki ýurduň arasyndaky gepleşiklere laýyklykda başlap biljekdigini ýatlatdy.

Ýakyn Gündogaryň parahatçylygy üçin birnäçe wagtdan bäri taraplar bilen möhüm gepleşikler geçirýändigini bellän Tramp şol gepleşikleriň oňyn netije bermegini umyt edýändigini aýtdy.

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas hem Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin henizem mümkinçiligiň bardygyna ynanýandygyny we munyň üçin tagalla edilmelidigini nygtady.

“Ysraýylyň basyp alyşlygynyň bes edilmeginiň wagty geldi. Biz 1967-nji ýyldaky serhetlere laýlyklykda iki döwletli çözgüde goldaw berýäris” diýen Abbas, Ysraýylyň Palestinany, Palestinanyň hem Ysraýyly ykrar etmelidigini belledi.

Palestinanyň halkynyň öz geljeklerini kesgitlemek hukugyna eýe bolmagyny arzuw edýändigini aýdan Abbas, Trampyň Ýakyn Gündogaryň parahatçylygy üçin tutanýerli tutum alyp barýandygyna ynanýandyklaryny aýtdy.

Abbas Ysraýyl-Palestina meselesi çözülen halatynda Ysraýylyň Yslam ýurtlary bilen edýän gatnaşyklarynyň kadalaşjakdygyny belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar