Tramp Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

724628
Tramp Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Möhüm söhbetdeşlikde Siriýa meselesi, Demirgazyk Koreýa we halkara terror meseleleri barada pikir alyşyldy.

Ak Tamdan berilen ýazmaça beýannamada Tramp bilen Putin arasynda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň mazmuny barada maglumat berildi.

Beýannamada; “Prezident Tramp bilen döwlet Ýolbaşçysy Putin Siriýadaky tragediýanyň uzak dowam edendigi we çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin taraplaryň elinden geleni etmegi barada ylalaşdy” diýilýär.

Beýannamada, Tramp bilen Putiniň şeýle-de Ýakyn Gündogarda terrorizmiň ortadan aýrylmagy üçin bilelikde işleşmek barada pikir alyşandyklary we Demirgazyk Koreýadaky “iňňän howply” ýagdaýyň parahatçylykly ýollardan çözülmegi barada pikir alyşandyklary nygtalýar.

Kremlden berilen beýannamada-da iki lideriň terörizme garşy halkara göterşde utgaşykly işleşmek barada ylalaşylandygy habar berildi.

 



Degişli Habarlar