Urşuň bosagasynda duran ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky geň waka…

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Demirgazyk Koreýanyň Lideri Kim Ýong Un bilen dogry şertlerde tanyşmakdan hoşal boljakdygyny aýtdy

723862
Urşuň bosagasynda duran ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky geň waka…

Tramp; “Onuň bilen duşuşmak meniň üçin amatly bolsady, hökman duşuşardym. Tanyşmak meni buýsandyrardy. Eger dogry şertlerde bolsady ederdim” diýdi.

Ak Tamyň metbugat sekretary Sen Spinser bolsa mesele barada; “Demirgazyk Koreýa  meçew beriji çemeleşmesinden el çekmeli. Aç-açan aýdylanda häzirki wagtda şertler amatly däl” diýdi.

Häziki wagta çenli Amerikan prezidentlerinden hiç haýsy Demirgazyk Koreýanyň Lideri bilen duşuşmady.

ABŞ geçen hepdelerde atom raketa maksatnamasy sebäpli Koreý ýarym adasyna “Karl Winson” flotuny ugradypdy.

Tramp bolsa; “Demirgazyk Koreýa başyna bela gözleýär” tweet ýazypdy.

Demirgazyk Koreýa bolsa oňa jogap hökmünde Amerikan “Her pursatda uruş turup biler” diýip hemle atypdy.

 



Degişli Habarlar