Owganystanda Taliban bilen DAIŞ söweşdi

Ýaragly çaknyşykda iki tarapdan jemi 91 terrorçy öldi

721459
Owganystanda Taliban bilen DAIŞ söweşdi

Owganystanyň demirgazygyndaky Jüzjan welaýatynyň Derzab etrabynda terror guramasy DAIŞ bilen Talibanyň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda 75 Talibanly bilen 15 DAIŞ-li öldi.

Jüzjan welaýatynyň häkimliginiň metbugat geňeşçisi Muhammet Reza Gafuri Derzabyň Aksai, Kömürlik we Hak Şehidan diýilen ýerlerinde DAIŞ bilen Talibanyň arasynda çaknyşygyň bolandygyny mälim etdi.

Çaknyşykda 76 başbozar bilen 15 DAIŞ-liniň ölendigini aýdan Gafuri 57 Talibanly bilen 12 DAIŞ-liniň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.

Gafuri çaknyşygyň terror guramalarynyň neşe söwdasyndaky düşünişmezçilik sebäpli ýüze çykandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar