Russiýa Demirgazyk Koreýa serhedine esger ugratdy

Putin ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda ýüze çykmagy ähtimal uruş sebäpli serhetden bosgun göçüniň başlamagyndan gorkýar

717668
Russiýa Demirgazyk Koreýa serhedine esger ugratdy

Russiýa ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda ýüze çykmagy ähtimal urşa garşy serhede harby topar ugratdy.

Russiýanyň Demirgazyk Koreýa bilen arasyndaky 11 mil uzynlygyndaky serhetlerine esger ugradandygy ýüze çykdy.

Sebitden gelen ilkinji fotosuratlar Wladiwostokdan ýola çykan 3 otlynyň müňlerçe esger bilen tanky sebite getirendigini görkezýär.

Daily Mailiň habaryna görä, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasynda ýüze çykmagy ähtimal uruş sebäpli serhetden bosgun göçüniň başlamagyndan gorkýar.

Russiýanyň Demirgazyk Koreýa serhedine  Hytaýyň hem 150 müň esger ugratmagyndan soňky göçümi ünsleri özüne çekýär

 


Etiketkalar: #Wladmir Putin , #bosgun , #esger

Degişli Habarlar