Pens: “Strategik sabyr galmady”

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pens Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryna görkezilýän “strategik sabyryň” galmandygyny aýtdy

714365
Pens: “Strategik sabyr galmady”

Maýk Pens Aziýa ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Günorta we Demirgazyk Koreýany bölýän Esgerlerden saplanan zolaga baryp gördi.

Pens žurnalistlere beren beýannamasynda Demirgsazyk Koreýanyň hökümetiniň ýadro ýaraglardan we ballistiki raketalardan el çekmeýändigine ünsi çekip; “ABŞ-nyň strategik sabyr tapgyry tamamlandy” diýdi.

Demirgazyk Koreýanyň ilkinji ýadro ýarag synagyndan bäri ýarym asyryň geçendigine, ABŞ-nyň şol döwürde strategik sabyrlylyk görkezendigine ünsi çeken Pens; “Demirgazyk Koreýanyň ýadry ýaragyny öndürmek üçin alyp barýan perwaýsyzlykdan el çekendigini görmek isleýäris. Şeýle-de yzgiderli häsýetde ballistiki raketa ulanmagy we synag etmegi ýerliksiz” diýdi.

Demirgazyk Koreýanyň öňňin geçiren raketa synagyny “meçew bermek” hökmünde häsýetlendiren Pens; “ABŞ we hyzmatdaşlary Günorta Koreýany goramak hem-de sebitde durnuklylygy üpjün etmek üçin maksatlaryna parahatçylykly ýollardan ýa-da degişli çäreleri görmek arkaly ýeterler” diýdi.



Degişli Habarlar