Russiýanyň Prezidenti Putin 2016-njy ýylda 8 million 858 müň rubl gazandy

Kreml tarapyndan çap edilen habarnama görä 2015-nji ýylda 8 million 891 müň rubl gazanan Wladimir Putin, geçen ýyl 8 million 858 müň rubl (takmynan 155 müň dollar) gazandy

712947
Russiýanyň Prezidenti Putin 2016-njy ýylda 8 million 858 müň rubl gazandy

Soňky wagtlarda milliardlarça dollarlyk baýlyga eýedigi öňe sürülip protestleriň geçirilmegine sebäp bolan Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedewiň bolsa 2016-njy ýylda 8 million 587 müň rubl gazanandygy habar berildi.

Beýanata görä Putiniň mundan başgada özüne degişli Russiýada 1500 inedördül kilometrlik ýeri, 2 öýi we 3 ulagy bar bolsa, Medwedewiň bolsa 4700 inedördül milometrlik ýeriniň, 1 öýüniň we 1 ulagynyň bardygy habar berilýär.

 



Degişli Habarlar