"Tramp döwründe Waşingtona bolan ynamym azaldy"

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp döwründe Waşingtona bolan ynamynyň azalandygyny aýtdy

711137
"Tramp döwründe Waşingtona bolan ynamym azaldy"

Putin Mir 24 kanalyna beren beýanatynda ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümet döwründe iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň Obamanyň döwrü bilen deňeşdirilende has gowy ýada erbet bolandygy hakyndaky soraglara jogap berdi.

Putin “Gatnaşyklardaky ynamyň derejesiniň esasan hem harby gatnaşyklarda pese gaçandygyny aýdyp bilerin” diýdi.

Siriýanyň ýaragly güýçleriniň geçen hepde İdlib şäherinde himiki ýarag ulanandygynyň öňe sürülýändigi sebäpli ABŞ-nyň Siriýanyň Homus şäheriniň golaýyndaky howa bazasyny nyşana almagy Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda dartgynlyga sebäp bolupdy.

ABŞ şol hüjüm bilen Siriýanyň hökümetini ilkinji gezek göniden nyşana alypdy.

 


Etiketkalar: #Putin , #ABŞ , #Donald Tramp , #Siriýa , #ynam

Degişli Habarlar