ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky Siriýa dartgynlygy artýar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Siriýanyň paýtagty Damaskyň günortasyna hüjüm gurajakdygy barada maglumat alandyklaryny habar berdi

710481
ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky Siriýa dartgynlygy artýar

Beýanatyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň Moskwa tarap ýola çykanyndan soň berilmegi ünsleri özüne çekdi.

Resmi sapar bilen Moskwa baran Italiýanyň Prezidenti Seržio Matarella bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugata beýanat beren Wladimir Putin Siriýanyň hökümediniň geçen hepde Idlibe himiki ýarag bilen hüjüm gurandygy baradaky habarlary prowokasiýa hökmünde häsýetlendirip, meseläni BMG-da ara alyp maslahatlaşjadyklaryny mälim etdi.

Rus lider käbir adamlaryň indi bolsa Siriýanyň paýtagty Damask şäheriniň golaýyndaky ýerler başda bolmak bilen beýleki sebitlerinde günäni Siriýanyň hökümediniň üstüne atjak prowokatiw herekediň taýarlygyndadyklary barada maglumat alandyklaryny habar berdi.

Putin: "Tapawutly çeşmelerden alan maglumatlarymyza görä Idlibdäki prowokasiýalar-muny başga ýagdaýda aýdyp bilemok- Damaskyň golaýynda ýerler başda bolmak bilen Siriýanyň beýleki ýerlerine hüjüm guramak üçin taýarlyk görýär. käbir maddalar zyňyp günäni Siriýanyň hökümetine atmagy meýilleşdirýärler" diýdi.

Russiýanyň Baş ştaby tarapyndan berilen beýanatda hem ABŞ-nyň Siriýa ýaňadandan raketaly hüjüm gurap biljekdigi barada duýduryş berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa hem ABŞ bilen Russiýanyň arasynda dartgynlyga sebäp boljak beýanat berdi.

Mariýa zaharowa şu hepdäniň ahyrynda Russiýa, Eýran we Siriýanyň Daşary işler ministrleriniň üç taraplaýyn maslahatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini belledi.

 



Degişli Habarlar