Serbiýada uçar ýere gaçdy

Hadysada 2 adam ýogaldy

708185
Serbiýada uçar ýere gaçdy

Serbiýanyň demirgazyk-günbataryndaky Şabats şäheriniň golaýynda tälim uçuşyny ýerine ýetirýän uçaryň ýere gaçmagy netijesinde uçaryň 2 uçarmany ýogaldy.

Serbiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda uçaryň näme sebäpli ýere gaçandygynyň entek anyklanmandygy habar berilýär.

Serbiýanyň Goranmak ministri  Zoran Džordžewiç hadysa bilen baglanşykly derňew işiniň geçirilmegi barada buýruk berdi.

Şaýatlar Slatina obasyndaky öýleriň biriniň golaýyna gaçan uçaryň golaýdaky Warna obasynda aşakdan uçandygyny bellediler.

 



Degişli Habarlar