Teresa Meý Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapara başlady

Britaniýanyň Premýer ministri Teresa Meý İordaniýa we Saud Arabystanyna guraýan üç gün günlük saparyna başlady

704796
Teresa Meý Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapara başlady

Britaniýanyň ministrler kabinetinden berilen beýannamada iňlis lideriniŇ İordaniýa we Saud Arabystanyna gurajak saparlarynda esasanda Britaniýa bilen şol ýurtlaryň howpsyzlyk, goranyş we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada gepleşikler geçirjekdigi habar berilýär.

İordaniýa we Saud Arabystany bilen hyzmatdaşlygyň Britaniýa üçin eýe bolan ähmiýetine üns çekilýän beýannamada, şol ýurtlara durnuklylygyň üpjün  edilmeginde we goralyp saklanmagynda goldaw berjekdigi nygtalýar.

Meýiň İordaniýa saparynda terror guramasy DAİŞ-e garşy alyp barýan göreşine goldaw hökmünde İordaniýanyň Harby howa güýçlerine harby tälim goldawynyň beriljekdiginiň yglan edilmegine garaşylýar. Meýin Iordaniýa bosgunlar meselesinde-de goldaw bermegi kepillendirmegi meýilleşdirilýär.

Teresa Meý Içeri işler ministri bolup işleýärkä 2012-nci ýylda İordaniýa, 2014-nci ýylda Saud Arabystanyna sapar gurapdy.



Degişli Habarlar