Germaniýada 8 müňden gowrak bosgun çaganyň ýitendigi habar berilýär

Geçen ýylyň iýul aýynda berilen habarnama görä şol san 8991 diýip mälim edilipdi

703288
Germaniýada 8 müňden gowrak bosgun çaganyň ýitendigi habar berilýär

Alynan maglumata görä ejesi, kakasy ýa-da ýanynda oňa seredip biljek başga adam bolmadan Germaniýa giren 14-17 ýaş aralygyndaky çagalaryň 8346-sy dereksiz ýitdi.

Geçen ýylyň iýul aýynda berilen habarnama görä şol san 8991 diýip mälim edilipdi.

Germaniýada 13 ýaşdan kiçi ýiten bosgun çaganyň sany bolsa 922 diýip habar berilýär.

Islendik çadyr şäherçede bellige alynan çaga ol ýerdäki resmilere habar bermezden ol ýeri terk eden halatynda ýiten hökmünde bellige alynýar.



Degişli Habarlar