Arap Ligasynyň 28-nji maslahaty öz işine başlady

Iordaniýada geçirilýän maslahata 16 ýurduň döwlet baştutany gatnaşýar

701859
Arap Ligasynyň 28-nji maslahaty öz işine başlady

 

Maslahat Arap ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we arkalaşygy güýçlendirmegi, Palestina we terrora garşy göreş meselesiniň başda durmagynda Arap dünýäsini gyzyklandyrýan meselelerde umumy tutumyň alnyp barylmagyny maksat edinýär.

Maslahata ýer eýeçiligini edýän Iordan şasy Abdullah 2-nji açylyş çykyşynda Palestina meselesi adalatly we yzygiderli ýagdaýda çözülmezden sebitde durnuklylygyň we parahatçylygyň üpjün edilip bilinmejekdigini nygtady.

Arap döwletlerinin we halklarynyň başdan geçirýän kynçylyklaryny iňňän möhüm hökmünde häsiýetlendiren Abdullah, “Terror esasan hem araplara we musulmanlara uly howp salýar. Terror sebäpli ýogalanlaryň esasy bölegi musulmanlar. Terror howpynyň ortadan aýrylmagy üçin dünýä ýurtlary birlikde hereket etmelidir” diýdi.

Siriýa krizisi hakynda hem durup geçen Abdullah, Ženewadaky we Astanadaky parahatçylyk gepleşiklerinden umytlydyklaryny belledi.

  Arap Ligasynyň Baş sekretary Ahmed Abu Gaýt hem açylyş dabarasynda sözlän sözünde bosgunlar meselesine ünsi çekdi we bosgunlara gujak açan ýurtlara öz minnetdarlygyny bildirdi.

Iki gün dowam etjek maslahat jemleýji jarnamanyň kabul edilmegi bilen öz işini tamamlar.

 



Degişli Habarlar