Kanadanyň Parlamenti islamafobiýany we rasizmi ýazgarýan kanuny kabul etdi

Liberal partiýanyň halk deputaty İkra Halid tarapyndan dekabr aýynda düzülen “Motion 103” atly taslama Parlamentiň günortadan soňky maslahatynda sese goýuldy

698405
Kanadanyň Parlamenti islamafobiýany we rasizmi ýazgarýan kanuny kabul etdi

Taslama häkimiýet başyndaky Liberal partiýa oppozisiýadaky Täze demokrat partiýanyň halk deputatlarynyň goldaw bermeginde 201 ses bilen kabul edildi.

Taslamada Kanadanyň hökümetiniň islamafobiýany, rasizmi we dini ekstremiziň ähli görnüşini ýazgarmagy, olaryň öňüni almak hem-de ortadan aýyrmak üçin ýörite topar döretmegi we halk köpçüligindäki ýigrenç hem-de gorky şertleriniň ortadan aýrylmagy ugrunda başlangyç etmegi islenýär.

Taslama laýyklykda dördiljek topar ýigrenç jenaýaty boýunça maglumatlaryň ýygnamagy, ekstremizden zyýan çeken halkyýetler üçin gerek bolan seljeriş işlerini geçirmegi we görkezijileri 8 aýyň dowamynda hökümetiň garamagyna hödürlemegi meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar