Owganystanyň Helmand welaýatynda harby birikmä hüjüm guraldy

Wakada 6 adam ýogaldy

695873
Owganystanyň Helmand welaýatynda harby birikmä hüjüm guraldy

Owganystanyň Helmand welaýatynyň Girişik etrabynda harby birikmä guralan kamikaze hüjüminde 6 harby ýogaldy.

Girişik etrabynyň Içeri işler müdüri Ismail Han kamikaze hüjümçisiniň bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Han hüjümde howpsyzlyk güýjinden 15 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Şaýatlar hüjümde 8 adamyň ýogalandygyny, Talibanyň metbugat geňeşçisi Zabihullah Müjahit bolsa hüjümde 48 esgeriň ýogalandygyny öňe sürdi.



Degişli Habarlar