Asada tabynlykdaky güýçler wakum bombasy bilen hüjüm gurady

Hüjümde asuda ilatdan 11 adam ýogaldy, 13 adam ýaralandy

691995
Asada tabynlykdaky güýçler wakum bombasy bilen hüjüm gurady

Siriýanyň demirgazygynda ýerleşýän Idlib şäherinde Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan hüjümde asuda ilatdan 11 adam ýogaldy, 13 adam ýaralandy.

Bir tarapda Gazagystanyň paýtagty Astanada Siriýa parahatçylyk gepleşikleriniň dowam edýär, beýleki tarapda bolsa Asada tabynlykdaky güýçler asuda ilata garşy hüjüm guraýar.

Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçaryň Idlibiň Kusur etrapçasynda asuda ilata garşy wakum bombasy bilen hüjüm gurandygy nygtaldy.

Hüjümde asuda ilatdan 11 adam ýogaldy, 13 adam ýaralandy.

 



Degişli Habarlar