Ýagland Ýewropa ýurtlary bilen Türkiýä dialog üçin çagyryş etdi

Ýewropa Geňeşiniň Baş Sekretary Torborn Ýagland ÝB-ne agza käbir ýurtlar bilen Türkiýäniň arasynda soňky günlerde başdan geçirilýän dartgynlyk sebäpli dialog üçin çagyryş etdi

689992
Ýagland Ýewropa ýurtlary bilen Türkiýä dialog üçin çagyryş etdi

Ýagland beren ýazmaça beýannamasynda; “Bu demokratiýa we diplomatiýa zyýan ýetirýar. Dartgynlygyň agyrlaşmagyna ýol bermeris. Ýurduň üçin we daşynda ýaşaýan ähli türk raýatlaryna konstitutsion özgertme barada ýeterlik maglumat edinme şerti döredilmeli, referendum kampaniýasy açyk, giň gerimli we adalatly bolmaly” diýdi.

Türk ýolbaşçylarynyň daşary ýurtlardaky kampaniýalar üçin daşary ýurtly kärdeşleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmelidigini nygtan Ýagland; “Taraplar bu çäreleriň geçiriliş usuly boýunça araganatşyk saklamak barada ylalaşmaly” diýdi.

Ýagland Ýewropa Geňeşine agza ýurtlardaky ýygnanşyklaryň we syýasy kampaniýalaryň Ýewropanyň Adam Hukuklary baradaky Konwensiýasyna laýyklykda geçirilmelidigini duýdurdy.

Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan Mak Aýrault hem beýannamasynda Türkiýe bilen käbir Ýewropa ýurtlarynyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlygyň gowşadylmagy üçin çagyryş etdi.

“Türkiýäni meçew bermelerden çetde durmaga çagyrýarys” diýen Aýrault, jogapkärçilikli çemeleşmelidigini we ýerlikli çekeleşiklerden çetde durulmalydygyny pikir edýäris” diýdi.

Germaniýadan soň Gollandiýa hem Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Maşgala hem-de sosial syýasatlar ministri Fatma Betül Saýanyň konstitutsion özgertme üçin geçiriljek referendum boýunça türk jemagaty we diplomatik wekilleri bilen duşuşmagyny bökdäpdi.

 



Degişli Habarlar