Ysraýylyň azany gadagan edýän kararyna berk garşylyk görkezilýär

Taslamanyň kanunlaşmagy we durmuşa geçirilmegi üçin Knessetde geçiriljek ýene-de iki oturlyşykda kabul edilmeli

687660
Ysraýylyň azany gadagan edýän kararyna berk garşylyk görkezilýär

Gaza sektoryndaky metjitlerden Ysraýylyň Parlamenti Knessetiň azany gadagan edýän kanun taslamasyny kabul etmegine garşylyk görkezmek maksady bilen ýassy namazyndan soň birnäçe gezek azan okaldy.

Gazadaky Gaznalar we din işleri ministrligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, Gazadaky metjitleriň ymamlaryna ýassy namazyndan soň azanyň birnäçe gezek okalmagy üçin ýörite görkezmäniň berlendigi nygtaldy.

Ysraýylda sagat 23.00 bilen 07.00-yň aralygynda azanyň kolonkalar arkaly okalmagyny gadagan edýän kanun taslamasy düýn Knessetde geçirlen ilkinji sese goýulşykda kabul edilipdi.

Taslamanyň kanunlaşmagy we durmuşa geçirilmegi üçin Knessetde geçiriljek ýene-de iki oturlyşykda kabul edilmeli.

 


Etiketkalar: #Knesset , #Ysraýyl , #azan , #Gaza

Degişli Habarlar