Ženewa gepleşikleriniň depgini güýçlendi

Ženewada geçirilýän gepleşikleriň 4-nji tapgyrynda ilkinji gezek esasy ugurlar gün tertibine geldi

683770
Ženewa gepleşikleriniň depgini güýçlendi

 

Siriýa meselesi boýunça Ženewada geçirilýän gepleşikleriň 4-nji tapgyrynda ilkinji gezek esasy ugurlar gün tertibine geldi.

BMG-niň ýörite wekili Staffan de Mistura merkezi Riýadda ýerleşýän oppozisiýadaky Ýokary gepleşikler topary bilen duşuşyp,geçiş döwri barada pikir alyşdy.

Russiýa bolsa Merkezi Riýadda ýerleşýän oppozisionerleriň ýaraşyk ylalaşygyna taýar däldigini öňe sürýär.

BMG-niň ýörite wekili Staffan de Mistura merkezi Riýadda ýerleşýän oppozisiýadaky Ýokary gepleşikler topary bilen geçiren duşuşygynda ilkinji gezek geçiş döwri barada pikir alyşdy.

BMG-niň ýörite wekili De Mistura: “Meseleleri giňden seljermäge pursat tapdyk. Hökümetiň wekiliýeti bilen hem duşuşarys. Esasy gepleşiklere başlamaga taýar bolup-bolmandygyna göz ýetirmäge synanşaryn” diýdi.

Oppozisiýanyň wekilleriniň beýan etmegine görä Russiýanyň Siriýanyň hökümetine geçiş döwrüniň ara alynyp maslahatlaşylmaga başlanmalydygy baradaky basyşy Ženewadaky gepleşikleriň depgininiň güýçlenmegine sebäp boldy.

Gepleşiklerdäki esasy düşnüşmezliklerden biri hem terrorizm meselesi.

Siriýanyň hökümeti terrorizmiň esasy ugurlardan biri bolmagyny isleýän bolsa, oppozisionerler meseleleriň konstitutsiýa, saýlaw we dolanşyk bilen çäkli galmagyny isleýär.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi bolsa Riýadda ýerleşýän oppozisiýadaky Ýokary gepleşikler toparynyň ýaraşyk gepleşiklerine taýar däldigini öňe sürdi.

Russiýanyň wekili Ýokary gepleşikler toparyny oppozisiýadaky beýleki iki topar bilen ylalaşman, gepleşikleri bökdemekde günäkärledi.

Ženewadaky gepleşikleriň 4-nji tapgyrynyň anna güni tamamlanmagy, 14-nji martda bolsa Astana gepleşikleriniň başlamagy meýilleşdirilýär.

6 dys suriýe jenewre1 DSF

 



Degişli Habarlar