BMG Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýär

Beýanatda Guterresiň taraplara çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyga zeper ýetirip biljek hereketlerden gaça durmaklary babatynda çagyryş berendigi ýatladyldy

681483
BMG Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýär

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterres Ermenistanyň Azerbaýjana garşy guraýan hüjümleri barada beren beýanatynda taraplara ylalaşyga zeper ýetirjek hereketlerden gaça durmaklary çagyryşyny berdi.

Mesele hakynda BMG tarapyndan berlen beýanatda Baş sekretaryň Azerbaýjan-Ermenistan front liniýasynda başdan geçirilýän wakalara alada bildirýändigi nygtaldy.

Guterresiň Ýewropada howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky dartgynlygyň ortadan aýrylmagy we çaknyşyklaryň möwjemeginiň öňüni almak üçin edýän tagallasyna goldaw berýändigi bellenildi.

Beýanatda Guterresiň taraplara çaknyşyklaryň bes edilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyga zeper ýetirip biljek hereketlerden gaça durmaklary babatynda çagyryş berendigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar