Fransiýada ýenede bir metjit ýapyldy

Fransiýanyň Içeri işler ministrligi adatdan daşary ýagdaýyň çäginde ýenede bir metjidiň ýapylandygyny mälim etdi

663784
Fransiýada ýenede bir metjit ýapyldy

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda: “Darüs Salam atly metjit adatdan daşary ýagdaýyň çäginde ymamyň radikal ideologiýa we rasist düşünjä ugrukdyrýandygy sebäpli ýapyldy” diýilýär.

Beýanatda ymamyň sebitdäki adamlara sosial basyş eden sözleriniň metjidiň ýapylmagynda täsirli bolandygy habar berilýär.

Fransiýada adatdan daşary ýagdaýyň çäginde häzirki wagta çenli 20 metjit ýapyldy.

2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Parižiň 6 aýry ýerinde guralan we 130 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümden soň ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi.

Adatdan daşary ýagdaý Nissa şäherinde geçen ýylyň 17-nji iýulynda guralan we 84 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjümden soň ýaňadandan uzaldylypdy.



Degişli Habarlar