Rus inženerleri täze öndürlen ýaragy üstünlik bilen synagdan geçirdi

Rus inženerleri elektromagnetiki atyş mehanizmi arkaly ähli sowutdan geçip biljek tizlige eýe bolan täze ýaragy synagdan geçirdiler

659437
Rus inženerleri täze öndürlen ýaragy üstünlik bilen synagdan geçirdi
eelkromanyetik silah sapan.jpg

Paýtagt Moskwanyň golaýynda ýerleşýän Şatura institutynyň ýokary basyşy öwreniş bölüminiň inženerleri partlaýyjy we itikleýiji mehanizmleriň ýerine elektromagnetiki güýç arkaly atylýan täze ýaragy synagyny tamamlandyklaryny habar berdi.

Täze tehnologiýa eýe bolan ýarag, niliniň içinde iki tarapynda-da elektromagnetiki güýç öndürýän mehanizm arkaly atylýar.

Hünärmenler synagdan geçirilen ýaragdan atylan gülläniň sekuntda 3 kilometr tizlige ýetýändigini beýan eden bolsa, ýaýradylan wideo-ýazgyda ýaragdan atylan 15 gramlyk plastiki slindriň birnäçe santimetr galyňlykdaky alýumin bölejigini deşýändigi görülýär.

Adaty şertlerde konwensional ýaraglarda gülläniň çykyş tizligi, gülläniň kalibrine, ýaragyň niliniň göwrümine we içindäki kanaw düzümine baglylykda sekuntda 330 metr bilen 1800 metr aralygynda üýtgeýär.

Elektromagnetiki ýaragyň ýokary energetika fizikasy üçin öwrükşik nokadyny emele getirýändigini beýan eden İnstitutyň müdiri Alekseý Şurpow; “İndi sekuntda 4,5 kilometr tizlige ýetýän ulgamy döredip bileris” diýdi.

Amerikalylar bolsa şol tehnologiýany has uly göwrümli ýaraglara ornaşdyrmagyň üstünde işleýär.

Türkiýäniň Ylmy we tehnologik barlaglar guramasy TÜBİTAK bolsa döwrebap ýarag ulgamynda “SAPAN” atly ilkinji milli elektromagnetiki atyş ulgamyny birnäçe ýyl ozal öndürip, 2014-nji ýylda synagdan geçiripdi.

 



Degişli Habarlar