Astanadaky Siriýa gepleşikleri dowam edýär

Taraplar biri-birinden bolan isleglerini ýazmaça beýan etdiler

657780
Astanadaky Siriýa gepleşikleri dowam edýär

Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýän Siriýa gepleşikleriniň birinji gününde 30-njy dekabrda yglan edilen ylalaşygyň yzgiderli ýagdaýa getirilmegi maksady bilen islegler taraplara ýetirildi.

Maslahata Siriýanyň Harby oppozisiýasynyň wekiliýeti, hökümetiň wekilleri, Türkiýäniň, Russiýanyň, Eýranyň, ABŞ-nyň we BMG-niň wekiliýetleri gatnaşýar.

Birinji mejlis oppozisiýanyň we beýleki taraplaryň gönüden gatnaşmagynde geçirildi.

Arakesmeden soň taraplaryň arasyndaky gepleşikler wekilçilikli häsýetde dowam etdi.

İlkinji nobatda oppozisiýanyň wekiliýeti Türkiýäniň, Russiýanyň we BMG-niň döreden bilelikdäki wekiliýeti bilen duşuşdy.

Oppozisiýanyň wekilleri; hökümetiň we ony goldaýan daşary ýurtly terrorçy toparlaryň ylalaşygy bozmagy bes etmegi, gabaw astyndaky ýerlere ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi, Eýranyň esgerleriniň we resmi Tähran tarapyndan goldanýan ýaragly toparlaryň ýurdy terk etmegi bilen tussaglykdaky syýasatçy zenanlaryň boşadylmagy baradaky isleglerini ýazmaça beýan etdiler.

Russiýanyň we BMG-niň wekilleri oppozisionerleriň isleglerini hökümetiň wekillerine ýetirdiler.

Hökümetiň wekilleri bolsa talaplaryny Russiýanyň we BMG-niň wekillerinin üsti bilen oppozisionerlere ýetirdi.

Taraplar soň bolsa özara pikir alyşmak üçin jemlenşdiler.

Siriýanyň hökümetiniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Başar Al Jaferi maslahatyň başynda eden çykyşynda hökümetiň ylalaşyk baradaky çemeleşmesini beýan etdi.

Jaferi çaknyşyklaryň belli bir möhletde bes edilmegine, şol möhletde ylalaşyga gol goýan toparlaryň terror guramalaryndan tapawutlandyrylmagyna garaşýandyklaryny nygtady.

Oppozisiýanyň wekili Ýahýa Al Aridi gepleşikleriň birinji gününiň ahyrynda beren beýannamasynda oppozisiýanyn Türkiýe-Russiýa-BMG bilelikdäki wekiliýeti bilen guran duşuşygynyň netijeli geçendigini aýtdy.

Hökümetiň terror guramasy kesgitlemesiniň diýseň giňdigi sebäpli oppozisionerler ylalaşygyň iş ýüzüne geçirilişiniň has aç-açan we gözegçilige açyk häsýete eýe bolmagyny isleýär.

Beýleki tarapdan maslahatyn başlan sagatlarynda Siriýanyň hökümetine degişli güýçleriň we onuň tarapdarlarynyň Damaskda, Derada, Hamada, Halapda we Latakiýede oppozisiýanyň gözegçiligindäki ýerlere guraýan hüjümleri dowam etdi.

Astana gepleşikleri Siriýada 6 ýyldan bäri dowam edýän içerki uruşda harby oppozisiýanyň, hökümetiň, Eýranyň we Russiýanyň wekilleriniň ilkinji gezek halkara maslahatyna gatnaşmagy taýdan uly ähmiýete eýe.



Degişli Habarlar