Saud Arabystany Astana gepleşiklerine goldaw berýär

Saud Arabystanyny Eýranyň  12 ýylyň dowamynda urany kämilleşdirmegine alada bildirýär

654181
Saud Arabystany Astana gepleşiklerine goldaw berýär

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al Jubeýr ýurdunyň Siriýa meselesinde üstümizdäki aý Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän gepleşiklere goldaw berýändigini mälim etdi.

Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçirlen Bütin dünýä ykdysadyýet forumynda çykyş eden Jubeýr ýurdunyň Siriýa meselesinde üstümizdäki aý geçirilmegi meýilleşdirilýän Astana gepleşiklerine goldaw berýändigini aýtdy.

Eýrany terrora goldaw bermek we sebit ýurtlarynyň içeri işlerine goşulmak bilen günäkärlän Jubeýr, birnäçe ýurduň we Saud Arabystanynyň Eýranyň  12 ýylyň dowamynda urany kämilleşdirmegine alada bildirýändigini belledi.

Jubeýr “Dünýäniň terrora goldaw berýän, balistiki roketa şertnamasyny basgylan we sebitde ýerleşýän ýurtlaryň içeri işlerine goşulşýan Eýrandan hasap soramagyny umyt edýärin” diýdi.

 



Degişli Habarlar