Hytaýda guş dümewi sebäpli 5 adam ýogaldy

Hytaýda 19 adamda guş dümewine gabat gelindi

653422
Hytaýda guş dümewi sebäpli 5 adam ýogaldy

 

Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Hunan we Guangdong welaýatlarynda üstümizdäki aýyň başyndan bäri 19 adamda guş dümewine gabat gelindi.

Ýolbaşçylar 19 adamda  H7N9 wirusyna gabat gelinendigini mälim etdi.

Wirus sebäpli 5 adam ýogaldy.

Taýwanyň günbatarynda ýerleşýän Ýünlin şäherçesinde bolsa 16 towuk fermasynda guş dümewiniň başga bir görnüşi bolan H5N2 wirusynyň bardygy anyklanyldy.

Adada soňky 10 günde wirus sebäpli 60 müň ganatly haýwan öldürildi.

 


Etiketkalar: #guş dümewi , #Hytaý , #wirus

Degişli Habarlar