Terror guramalary DAIŞ bilen FETÖ-niň arabaglanşygy ýenede bir gezek ýüze çykdy

Terror guramalary DAIŞ bilen Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň arasyndaky arabaglanyşyk ýenede bir gezek ýüze çykdy

652125
Terror guramalary DAIŞ bilen FETÖ-niň arabaglanşygy ýenede bir gezek ýüze çykdy

Yragyň Mosul şäherinde DAIŞ-iň Fetullahçy terror guramasy FETÖ degişli mekdebe 2 ýyllap hiç elini degirmändigi mälim boldy.

Mosul şäheriniň günorta-günbataryndaky etrapçalaryň gözegçiligini ele geçiren Yragyň Ýaragly güýçlerini şäheriň Haýl Zubbat etrapçasynda ýerleşýän mekdebe hiç zat bolamandygy haýran galdyrdy.

Ýeni Şafak gazedine beýanat beren Yragyň Ýaragly güýçlerinden Hüseýin Kasym Amiri etrapçasynyň iň goralýan köçeleriniň birinde FETÖ degişli mekdebe hiç zat bolmandygyna haýran galandyklaryny habar berdi.

Amiri: “Bizdäki kartalara görä mekdep 2012-nji ýylda bu ýerde bardy. Emma mekdebiň eýýäm ýumrulandygyny pikir edýärdik. Mekdebe baranymyzda hiç zat bolmandygyny gördük. Okuwyň içindäki we daşyndaky esbaplara el degrilmändir. Biz bulara örän haýran galdyk” diýdi.

Harby çeşmeler şäherde arapça harplaryň daşynda başga bir elipbiýe rugsat bermeýän DAIŞ-iň şäheriň gündogaryndaky, özleriniň ştablarynyň 2 kilometr uzaklygyndaky FETÖ degişli mekdepdäki latin harplary bilen ýazylan ýazgylara we diwardaky ýazgylara hiç zat diýmändiklerine haýran galandyklaryny belleýärler.

Resmiler Mosuldaky muzeýi talan, taryhy ençeme asyrlara daýanýan Mosul uniwersitediniň ähli fakultetlerini ýykyp-ýumuran, şäherdäki ähli mekdeplere DAIŞ-e degişli möhür basan we ak-gara reňke bürän guramanyň FETÖ degişli mekdebe el degirmezligi ünslerinden düşürmejekdiklerini habar berdiler.

Mekdebiň DAIŞ-iň Mosuly basyp alan wagtlary diňe ýapyk bolandygy, okuwyň 3 aý soň 4 adam tarapyndan ýaňadandan açylandygy mälim boldy.

Golaýdaky ýaşaýjylar bolsa Mosulyň DAIŞ tarapyndan basylyp alynan ilkinji günden bäri DAIŞ-e agza terrorçylaryň mekdebe gelmändigini bellediler.



Degişli Habarlar