Halkara jemgyýetçiligi Ysraýyl-Palestina meselesine çözgüt gözleýär

Konferensiýada 2 döwletli çözgüdiň ýeke-täk alternatiwdigine üns çekildi

651908
Halkara jemgyýetçiligi Ysraýyl-Palestina meselesine çözgüt gözleýär

BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy we Arap Ligasy ýaly halkara guramalar bilen onlarça ýurduň wekili Ysraýyl-Palestina meselesine çözgüt üçin jemlenişdi.

Konferensiýa Palestinanyň we Ysraýylyň wekili gatnaşmady.

Konferensiýada 2 döwletli çözgüdiň ýeke-täk alternatiwdigine üns çekildi.

Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirlen Ýakyn Gündogar parahatçylyk konferensiýasyna Türkiýäniň adyndan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly gatnaşdy.

Daşary işler ministri Çawuşogly konferensiýanyň çäginde iki çäk duşuşyklar hem geçirdi.

 Ýer eýesi Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland Ysraýylyň halkara hukuk kadalaryny basgylaýandygyny we bikanun ýaşaýyş ýerleriniň gurluşygyny dowam etdirýändigine ünsi çekdi.

Sebitde taraplaryň biri-birine ynamy azalýarka, dartgynlygyň möwjeýändigini ýatladan Oland, “Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky göniden gepleşikleriň çözgüt üçin ýeke-täk çykalgadygy barada pikir edýärin. Geçmişde-de diňe gepleşikler arkaly öňe gidişlikler edildi. Parahatçylyk etaby gepleşikleriň geçirlip bilinmändigi sebäpli bökdeldi. 2 döwletli çözgüt her bir adam üçin bähbitli bolar” diýdi.

 



Degişli Habarlar