Barak Obama soňky çykyşyny 10-njy ýanwarda eder

ABŞ-nyň Prezidentlik wezipesini şu aýyň ahyrynda Donalda Trampa berjek Barak Obama soňky çykyşyny 10-njy ýanwarda Çikagoda eder

643741
Barak Obama soňky çykyşyny 10-njy ýanwarda eder

Obama beren ýazmaça beýanatynda bu çykyşyň özi üçin minnetdarlyk mümkinçiligini berjekdigini belledi.

Barak Obama: “Soňky 8 ýylyň dowamynda eden işlerimizi belläp geçeris we mundan soň näme etjekdigim barada käbir pikirleri siziň bilen paýlaşaryn” diýdi.

Prezidentlik wezipesini 20-nji ýanwarda Trampa berjek Obama başda Siriýa bolmak bilen daşary syýasat babatynda örän köp tankyt edildi.

ABŞ-nyň ilkinji Prezident Džordž Waşington hem hoşlaşyk çykyşyny 1796-njy ýylda Çikagoda edipdi.



Degişli Habarlar