Awstriýa ÝHWHG-nyň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne aldy

Awstriýa Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne aldy

642358
Awstriýa ÝHWHG-nyň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne aldy

Awstriýanyň Daşary işler ministrligi şenbe güni beren beýanatynda, Daşary işler ministri we ÝHWHG-nyň täze döwürleýin ýolbaşçysy Sebastian Kurzuň Ukrainanyň  gündogaryna sapar  gurajakdygy nygtaldy.

Sebastian Kurz Wenanyň gündogar bilen günbataryň arasyndaky köpri wezipesini, ynamy artdyryjy çäreler üçin ulanjakdygyny aýtdy.

Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy 57 agza ýurtdan ybarat.

 


Etiketkalar: #Ýewropa , #Awstriýa , #Ukraina

Degişli Habarlar