ABŞ Siriýada howa hüjümi gurady

Amerikanyň howa hüjümlerinde 8 terrorçy öldürildi

643187
ABŞ Siriýada howa hüjümi gurady

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriň Siriýada guran howa operasiýasynda biri-birinden tapawutly terror guramalaryna degişli 8 terrorçy öldürildi.
Howa hüjümlerinde Siriýanyň demirgazyk-günbataryndaky käbir ýerler, Türkiýäniň Jilwegözü gümrük geçelgesiniň golaýyndaky Bab Al Hawa bilen Sarmada şäherini biri-biri bilen birleşdirýän ýol nyşana alyndy.

Merkezi Britaniýada ýerleşýän Siriýa adam hukuklary guramasy tarapyndan berilen baýanatda hüjümlerde 8 terrorçynyň öldürilendigi bellendi.

Terror guramasy Al Kaýda bilen arabaglanşygy bolan Fetih frontynyň serkerdelerinden Hattab Al Kahtani hüjümde öldürilen terrorçylaryň biri.

Sirianyň hökümetine goldaw berýän Abu Ömer Al Türkistany we Al Kaýdanyň Siriýadaky golunyň serkerdesi Abu Muatasem Al Deýri hem uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümde öldürildi.



Degişli Habarlar