Owganystanyň Hyrat welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap bolmasada, eýýäm 2 ýyl bäri terror guramasy DAIŞ-iň esasan hem şaýylary nyşana alyp guraýan hüjümleriniň artandygy biliniýär

642149
Owganystanyň Hyrat welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň günbataryndaky Hyrat welaýatynda hazara şaýylaryň barýan metjidine guralan bombaly hüjümde 6 adam ýaralandy.

Hyrat welaýatynyň häkimliginiň metbugat geňeşçisi Jeýlani Farhad Hyradyň 7-nji etrapçasyndaky Ymam Bakyr metjidine ýerleşdirilen bombanyň agşan namazynda uzakdan pult bilen partladylandygyny mälim etdi.

Hüjümde 6 adamyň ýaralanandygyny bellän Farhad ýaralanan adamlaryň 1-iniň ýagdaýynyň agyrdygyny habar berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap bolmasada, eýýäm 2 ýyl bäri terror guramasy DAIŞ-iň esasan hem şaýylary nyşana alyp guraýan hüjümleriniň artandygy biliniýär.


Etiketkalar: #Owganystan , #Hyrat , #DAIŞ , #şaýy , #hazara

Degişli Habarlar