Eýranyň Ynkylap goragçylaryna degişli uçar Pakistan serhedinde ýere gaçdy

Hadysada 1 adam ýogaldy

621599
Eýranyň Ynkylap goragçylaryna degişli uçar Pakistan serhedinde ýere gaçdy

Eýranyň Ynkylap goragçylary tarapyndan ulanylýan "Gyroplane" kysymly aňtawçy uçar Pakistan serhediniň golaýynda ýere gaçmagy netijesinde uçaryň uçarmany ýogaldy.

Sistan we Belujistan welaýatlaryna degişli Serawan etrabynda bolan wakanyň näme sebäpli bolandygy entek bilinenok.

Şol ýerde 11-nji oktýabrda şoňa meňzeş uçaryň ýere gaçmagy netijesinde bolsa uçaryň 2 uçarmany ýogalypdy.

Gyroplane kysymly uçarlar Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň Gury ýer goşuny tarapyndan aňtaw maksady bilen ulanylýar.



Degişli Habarlar