Amerikaly we nemes ÝPG-liler Siriýada öldürildi

Münbiçden alynan maglumata görä ameikaly we nemes ÝPG-liler Siriýada öldürildi

621555
Amerikaly we nemes ÝPG-liler Siriýada öldürildi

Türkiýäniň harby uçarlarynyň 26-njy noýabrda Siriýanyň Münbiç şäherinde aýralykçy terror guramasy PKK-nyň bu ýurtdaky şahasy bolan ÝPG-niň ýerlerine garşy guran howa hüjümlerinde 1-i amerikaly, 1-i nemes bolan 2 meýletin ÝPG-li täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Münbiçden alynan çeşmelere görä Türk harby uçarlar tarapyndan guralan howa hüjümlerinde Amerikanyň Kaliforniýa ştatyndan Robin Agyri adyny ulanýan Mişel Ysraýyl bilen Germaniýanyň Bielefel şäherinden Zana Jiwan adyny ulanýan Anton SJK öldürildi.

Beýanatda amerikaly Ysraýylyň iýun aýynda, nemes SJKnyň bolsa sentýabr aýynda Siriýa gidip terror guramasy ÝPG-niň hataryna goşulandygy habar berilýär.


Etiketkalar: #ÝPG , #amerikaly , #nemes , #Siriýa

Degişli Habarlar