Siriýada Al Kaýdanyň ýokary derejeli liderleriniň biri bolan Al-Masri öldürildi

Kuk Al-Masriniň öldürilmegi bilen sebitde terror guramalaryna garşy göreşde wajyp ädim bolandygyny belledi

616030
Siriýada Al Kaýdanyň ýokary derejeli liderleriniň biri bolan Al-Masri öldürildi

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň metbugat geňeşçisi Piter Kuk gündelik metbugat ýygnagynda Al-Masriniň hyzmatdaş güýçleriniň Siriýada 18-nji noýabrda anna güni guran howa hüjümlerinde öldürilendigini mälim etdi.

Asly müsürli bolan we Owganystanda Al Kaýda guramasynyň hataryna goşulanyndan soň Siriýa baran Al-Masri Siriýada Al Kaýdanyň ýokary derejeli liderleriniň biridi.

Sirmata şäheriniň golaýynda guralan howa hüjümlerinde öldürilendigi aýdylýan Al-Masriniň Owganystanda Amerikan we hyzmatdaş güýçlerine garşy guralan ençeme hüjümiň jogapkäridigi habar berildi.

 



Degişli Habarlar