Parižde terrora garşy miting guraldy

“Ýok bolsun terror, ýaşasyn demokratiýa” mitingi guraldy

614449
Parižde terrora garşy miting guraldy

Fransiýanyň paýtagty Parižde terrora garşy miting guraldy.

Terrory näletlemek üçin guralan mitingde aýralykçy terror guramasy PKK-nyň tarapdarlarynyň demir çybyklar bilen guran hüjüminde çagalar we zenanlar ýaralandy.

Republika meýdanynda Fransiýadaky türk jemgyýetçilik guramalary tarapyndan “Ýok bolsun terror, ýaşasyn demokratiýa” mitingi guraldy.

Mitingiň öňüsyrasynda PKK-ly topar meýdana geldi we mitingiň guramaçylaryna demir çybyklar bilen hüjüm gurady.

Wakada 15 adam ýaralandy, mitingiň guramaçylaryna degişli 3 ulag hatardan çykaryldy.

Şaýatlar PKK-ly toparyň miting başlamazdan ozal halky gorkuzyp mitingiň geçirilmeginiň öňüni almagy maksat edinendigini aýtdy.

Başdan geçirlen wakalar sebäpli howpsyzlyk güýçleri PKK-ly toparyň käbir agzalaryny göz tussaglygyna aldy.

 

 



Degişli Habarlar