“Putin Türkiýä strategik hyzmatdaşlyk teklibini berdi we dostluk elini uzatdy”

Rus strateg we syýasatçy Aleksandr Dugin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkiýä strategik hyzmatdaşlyk teklibini berendigini we dostluk elini uzadandygyny habar berdi

606340
“Putin Türkiýä strategik hyzmatdaşlyk teklibini berdi we dostluk elini uzatdy”

Adalat we ösüş partiýasynyň topariçi maslahatyny syn eden rus strateg we syýasatçy Aleksandr Dugin ondan soň bolsa TBMM-niň Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet gurluşynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynda zeper ýeten ýerlerine baryp gördi we ol ýerde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Aýdanlarynyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýüzlenmesi bolup-bolmandygy baradaky soraga Dugin Putiniň dilden ýüzlenme bermändigini, şonsuzam hereketleri bilen ýüzlenme berýändigini mälim etdi.

Dugin: “Hormatly Putiniň iň wajyp ýüzlenmesi Türkiýä strategik hyzmatdaşlyk teklip berýär we dostluk elini uzadýar. Ony şonsuzam her kim bilýär. Strategik hyzmatdaşlygyň manysy näme? Ony hünärmenler we akylly adamlar derňemeli” diýdi.

“Türkiýe NATO agza bir ýurt, strategik hyzmatdaşlyk Türkiýäniň pozisiýasy bilen gapma-garşylykly dälmi? soragyna Dugin: “Ol siziň kararyňyz. Siz Garaşsyz bir döwletsiňiz. Türkiýäniň parlemendini, TBMM-ni bombalaýan adamlaryň arkasynda kimleriň bardygyny bilýärsiňiz. Ony eden Russiýa däl” diýdi.



Degişli Habarlar