Yrakly esgerler Mosulyň şäher merkezine girdi

Yragyň ýaragly güýçleri hyzmatdaş güýçleriniň goldaw bermeginde Gökçeli etrapçasyny ele geçirdi

603209
Yrakly esgerler Mosulyň şäher merkezine girdi

Yragyň Goranmak ministrligi yrakly esgerleriň Mosulyň şäher merkezine girendigini habar berdi.

Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tahsin İbrahim yragyň ýaragly güýçleriniň 2014-nji ýylda terror guramasy DAIŞ tarapyndan ele geçirlen Mosul şäherine girendigini we esgerleriň Al Intisar etrapçasyna hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Yragyň ýaragly güýçleri hyzmatdaş güýçleriniň goldaw bermeginde Gökçeli etrapçasyny ele geçirdi we nobat Kud etrapçasyna geldi.

DAIŞ-e agza terrorçylar hem howpsyzlyk güýçlerine garşy hüjüm edýär.

Yrakly esgerler hem sowutly ulaglaryny we DAIŞ-den saplanan öýleri harby merkez hökmünde ulanýar.

Mosulyň terror guramasy DAIŞ-den saplanmagy üçin yragyň ýaragly güýçleri, peşmerge güýçleri we esasy bölegi Başika bazasyndaky türk esgerlerinden harby tälim alan Ninowa Müjahitleri 17-nji oktýabrda operasiýa başladypdy.

 

 



Degişli Habarlar