Saud Arabystanynda ýurduň Şazadalarynyň biri gamçy bilen saýyldy

Saud Arabystanynyň Şazadalarynyň biri tussaghanada gamçy bilen saýylyp, jezalandyryldy

602258
Saud Arabystanynda ýurduň Şazadalarynyň biri gamçy bilen saýyldy

Reuters habarlar gullugynyň Saud Arabystanynyň Okaz atly gazedine esaslanyp ýazan habaryna görä Jiddedäki tussaghanalaryň birinde saklanýan Şazadalaryň biri kazynyň kararyna laýyklykda gamçylandy.

Habarda gamçy bilen saýylan Şazadanyň kimdigi we günäsiniň nämedigi mälim edilmeýär.

2012-nji ýylyň dekabr aýynda jedelleşen birini tüpeň bilen atyp öldüren Saud Arabystanynyň Şazadalaryndan Türki Bin Saud Al Kebire garşy berilen ölüm jezasy ýurduň Şasy Selman Bin Abdulaziziň tassyklamagy bilen geçen aý paýtagt Riýatda ýerine ýetirildi.



Degişli Habarlar