Asada bagly güýçler Idlibe howa hüjümi gurady

Howa hüjümlerinde 8 adam ýogaldy

602719
Asada bagly güýçler Idlibe howa hüjümi gurady
idlib'e hava saldırısı.jpg

Siriýanyň Ýaragly güýçlerine degişli harby uçarlaryň Idlibiň Serakib etrabyna guran howa hüjümlerinde 8 adam ýogaldy, 45 adam ýaralandy.

Idlibiň graždan goranyşynyň resmisi Al-Faris Asada tabynlykdaky güýçlere degişli uçarlaryň howa hüjümlerinde ýaralanan adamlaryň 12-siniň çagadygyny, hüjümiň etraba örän uly zeper ýetirendigini mälim etdi.

Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän we territoriýasynyň aglabasy oppozisionerleriň gözegçiligi astynda bolan Idlib welaýat merkezinde we etraplarynda ýygy-ýygydan howa hüjümleri guralýar.

Geçen hepde Idlibiň Has etrapçasynda mekdepleriň birine we bazara guralan howa hüjümlerinde 22-si çaga, 6-sy mugallym bolan 35 adam ýogalypdy, köp sanda adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar