BMG Mosulda asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin çäre görmekleri barada çagyryş berdi

BMG terror guramasy DAIŞ-iň Yragyň Mosul şäheriniň günortasyndaky Hammam Al Alil etrapçasynda 25 müň adama etrapçany terk etmekleri üçin basyş edýändigini mälim etdi

601480
BMG Mosulda asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin çäre görmekleri barada çagyryş berdi

BMG-nyň Ženewadaky merkezinde metbugata beýanat beren BMG-nyň Adam hukuklary boýunça ýokary komisarlygynyň metbugat geňeşçisi Rawina Şamdasani Mosulyň DAIŞ-den halas bolmagy üçin guralýan operasiýada degişli taraplara halkara hukuk kadalarynyň çäginde hereket etmekleri we asuda ilatyň ýitgi çekmezligi üçin çäre görmekleri barada çagyryş berdi.

Şamdasani terror guramasy DAIŞ tarapyndan Mosulda we töwereklerinde asuda ilatyň janly galkan hökmünde ulanylmagynyň harby jenaýatdygyny belledi.

Soňky iki hepde-de on müňlerçe adamyň DAIŞ tarapyndan edilýän basyş sebäpli başga ýerlere ýerleşdirlendigine ünsi çeken Şamdasani, BMG-nyň asuda ilatyň howpsyzlygyna alada bildirýändigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar