Pakistan-Hindistan front liniýasynda çaknyşyk

Hindistan mesele bilen baglanşykly entek beýanat bermedi

595747
Pakistan-Hindistan front liniýasynda çaknyşyk

Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky Kaşmir sebitinde hindistanly esgerleriň od açmagy netijesinde pakistanly 2 ýogaldy, 7 adam bolsa ýaralandy.

Pakistanyň Ýaragly güýçleri tarapyndan berilen beýanatda iki ýurduň arasyndaky Kaşmir sebitiniň Sialkot diýilen ýerinde Hindistan tarapyndan sebäpsiz ýere od açylmagy netijesinde ýogalanlaryň biriniň 1,5 ýaşyndaky bäbekdigi mälim edilýär.

Beýanatda Pakistanyň goşunynyň jogap berip od açandygy habar berilýär.

Hindistan bolsa mesele bilen baglanşykly entek beýanat bermedi.



Degişli Habarlar