Kerkükdäki çaknyşyklar ýaňadandan başlady

Yragyň Kerkük şäherinde terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasyndaky çaknyşklar ýaňadandan başlady

594756
Kerkükdäki çaknyşyklar ýaňadandan başlady

Anadoly habarlar gullugynyň işgäriniň berýän habaryna görä çaknyşyklar esasan hem şäheriň Dumiz, 1 Haziran we Esra Mahkudin etrapçalarynda bolýar.

Howpsyzlyk güýçleri sowutly ulaglar bilen DAIŞ-e agza terrorçylaryň bar bolan köçelerde çaknyşýar.

Terror guramasy DAIŞ-iň düýn gije Kerkük şäheriniň merkezine we Dibis etrabyna guran kamikaze hüjümleriniň netijesinde 17 adam ýogalypdy, 40-dan gowrak adam ýaralanypdy.



Degişli Habarlar