ABŞ-da indi bolsa negr zenan polisiýa tarapyndan öldürildi

Amerikanyň Nýu-Ýork şäherinde akly ýerinde bolmaýan negr zenan polisiýa gullugynyň işgärleri tarapyndan atylyp öldürildi

593197
ABŞ-da indi bolsa negr zenan polisiýa tarapyndan öldürildi

Şäheriň Bronks sebitinde iş alyp barýan polisiýa işgärleri goňşulary tarapyndan arza edilen 66 ýaşly Deborah Danneriň öýüne bardylar.

Hug Barri atly polisiýa gullugynyň işgäri beýsbol taýagy bilen özüni urmaga synanyşan we akly ýerinde bolmaýan negr zenany ýaragy bilen atyp öldürdi.

66 ýaşly zenan Danner ýogaldy.

8 ýyl bäri polisiýa gullugynda işleýän Barriniň ýaragy elinden alyndy.

Waka nägileliklere sebäp boldy.

Nýu-Ýork şäheriniň häkimi Bill De Blasio negr zenanyň öldürilmeginiň kabul edilip bilinjek zat däldigini belledi. Nýu-Ýork şäheriniň Içeri işler müdüri Jeýms Oneill bolsa polisiýa işgärlerine öldürmek üçin dälde, goramak üçin tälim berilýändigini we taýarlygyň örän pesdigini öňe sürdi.



Degişli Habarlar