Türkiýe Parižde geçiriljek Mosulyň geljegi bilen bagly maslahata çagyryldy

Mosulyň geljegi bilen bagly maslahatda Türkiýä Daşary işler ministriniň orunbasary Ümit Ýalçyn wekilçilik eder

592204
Türkiýe Parižde geçiriljek Mosulyň geljegi bilen bagly maslahata çagyryldy

Fransiýanyň Daşary işler ministri Ýan Mark Aýrault maslahata Türkiýäniň, ABŞ-nyň, ÝB-niň we Aýlag sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen birlikde 20 ýurduň wekilleriniň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Yrakly kärdeşi İbrahim Jaferi bilen bilelikde maslahata ýolbaşçylyk etjekdigini aýdan Aýrault: “Harby operasiýadan soňky günler üçin Mosulyň durnuklylygynyň üpjün edilmegine goşant goşulmaly” diýdi.

Fransuz ministr Eýranyň maslahata çagyrylmandygyny hem nygtady.

Aýrault häzirki pursatda Mosulda we golaýdaky obalarda asuda ilatyň goralmagynyň, olara ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeginiň iň esasy mesele bolup durýandygyny aýtdy.

Mosuldaky halkara hyzmatdaşlygyna goldaw berýän ýurtlaryň goranmak ministrleri hem 25-nji oktýabrda Parižde jemlenşerler.



Degişli Habarlar