Dabyk obasy bilen Soran etrapçasynyň yzyna alynmagyna hoşallyk bildirildi

ABŞ bilen Katar türk ýaragly güýçleriniň goldaw bermeginde siriýaly oppozisionerleriň Dabyk obasy bilen Soran etrapçasynyň yzyna alynmagyna hoşallyk bildirdi

590850
Dabyk obasy bilen Soran etrapçasynyň yzyna alynmagyna hoşallyk bildirildi

 

ABŞ-nyň Goranmak ministri Eştyn Karter mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda, “Hyzmatdaşymyz Türkiýe bilen birlikde halkara hyzmatdaş güýçler tarapyndan Dabyk obasynyň siriýaly oppozisionerler tarapyndan terror guramasy DAIŞ-den yzyna alynmagyna hoşallyk bildirýäris” diýildi.

Dabyk obasynyň terror guramasy DAIŞ üçin strategiýa taýdan esasy orun eýeleýändigini nygtan Karter obanyň gözegçiliginiň yzyna alynmagynyň DAİŞ-e garşy göreş taýdan diýseň möhümdigini belledi.

Kataryň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda hem Soran etrapçasynyň we Dabyk obasynyň yzyna alynmagyna hoşallyk bildirilýändigi we munyň beýleki şäherleriň yzyna alynmagyna itergi berjekdigi nygtaldy.

 



Degişli Habarlar