“Mosulyň azat edilmegi bilen baglanşykly operasiýamyz entek dolulygyna başlamady”

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Yrakda terror guramasy DAIŞ-iň gözegçiligi astynda bolan Mosul şäheriniň azat edilmegi bilen baglanşykly operasiýanyň entek dolulygyna başlamandygyny habar berdi

590587
“Mosulyň azat edilmegi bilen baglanşykly operasiýamyz entek dolulygyna başlamady”

Pentagonyň resmisi operasiýanyň bölekleýin hem bolsa başlap-başlamandygy baradaky habarlary güýçlendirmejekdigini nygtady.

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligi CENTCOM sosial saýtlarda berilýän Mosul operasiýasynyň başlandygy baradaky maglumatlaryň dogry däldigini belledi.

CENTCOM mesele bilen baglanşykly beren beýanatynda: “Mosul operasiýasy bilen baglanşykly habaryň Twitter arkaly paýlaşylandygyny bilýäris. Internetde we sosial saýtlarda ençeme nädogry habar bar. Köp adam Mosulyň azat edilmeginiň nähili we haçan başlajakdygyny bilýändigini pikir edýär. Mosulyň azat edilmegi Yragyň Ýaragly güýçleriniň meýilnamasydyr we Yragyň hökümetiniň DAIŞ-i dolulygyna ýeňmek üçin saýlan mahalynda başlar” diýdi.



Degişli Habarlar