"Aksa metjidiniň musuwiler bilen hiç hili arabaglanşygy ýok"

BMG-nyň Ylym, bilim we medeniýet düzümi UNECKO-nyň Aksa metjidiniň musuwiler bilen hiç hili arabaglanşygynyň bolmandygy hakynda karar taslamasyny kabul etdi

589467
"Aksa metjidiniň musuwiler bilen hiç hili arabaglanşygy ýok"

UNECKO-nyň daşary işler komissiýasyna hödürlenen taslama 6-a garşy 24 kabul sesi bilen kabul edildi.

Taslamada Ysraýylyň İerusalymdaky dini we keramatly ýerleri ybadat ediş görnüşi tankyt edildi, şäheriň musulmanlar, hristianlar we musewiler üçin keramatly bolandygy bellenildi.

Aksa metjidiniň yslam dini bilen bolan arabaglanşygyna üns çekilen kararda, Ysraýylyň Al Aksanyň musewiler bilen arabaglanşyklydygy hakyndaky garaýşyna bolsa ýer berilmedi.

Fransiýa sese goýulşykda ses bermekden saklandy, ABŞ, Germaniýa we Britaniýa bolsa “garşy” ses berdi.

UNECKO-nyň 58 agzaly Dolanşyk geňeşi duşenbe güni kabul edilen taslamany ýene bir gezek sese goýulşyga hödürlär.

Dolanşyk geňeşi aprel aýynda kabul eden kararynda Aksa metjidiniň musulmanlar bilen arabaglanşygyna ünsi çekipdi.

 



Degişli Habarlar